BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

  • şu gün 08:49
  • 304

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna «Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy» diýlip yglan edildi.

Bu resminama agza döwletleriň parahatçylygy pugtalandyrmaga, nesilleriň arasyndaky dialogy we raýdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar. Rezolýusiýada BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlary we ýörelgeleri, şol sanda geljekki nesilleri uruş betbagtçylyklaryndan halas etmek we halkara jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ugrundaky tagallalar bellenilip geçildi. Şeýle hem Parahatçylyk medeniýeti baradaky Jarnamanyň we Hereketleriň maksatnamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Onýyllygyň maksady parahatçylygy pugtalandyrmaga, dialogy we ýaraşygy ösdürmäge, şeýle-de döwlet syýasatyny işläp taýýarlamakda geljekki nesilleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak üçin çagalary, ýaşlary we uly ýaşly adamlary birleşdirmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

Rezolýusiýa inklýuziw syýasy prosesler, özara ynamy berkitmek çäreleri, dawalardan soňky dikeldiş we durmuş agzybirligine gönükdirilen uzak möhletli maýa goýumlar arkaly parahatçylygy, milli agzybirligi we ýaraşygy gazanan döwletleriň goşandyny gutlaýar.

Şeýle-de, resminamada 2024-nji ýylda geçirilen Geljegiň sammitinde kabul edilen borçnamalar we «Geljegiň paktynyň» düzgünleri bellenilip geçilýär. Mundan başga-da, Baş Assambleýa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhet meselelerini parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak we degişli ylalaşyklara gol çekmek ugrundaky tagallalaryny gutlady.

Rezolýusiýa BMG-niň Baş sekretaryna, ýöriteleşdirilen edaralaryna, sebit komissiýalaryna we guramanyň beýleki düzümlerine hökümetler, raýat jemgyýeti we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde bu Onýyllygy durmuşa geçirmäge ýardam etmegi tabşyrýar.


düýn 16:55
5.1k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

22.06.2026 00:57
5.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

11.06.2026 12:12
8.6k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......