Taýwanyň Szýadun şäherçesinde Aždarha gaýyklary baýramy mynasybetli garpyz karnawaly geçirildi. Ýerli ýaşaýjylar bu çäre üçin müňden gowrak garpyzy bezediler.
Taipei Times gazetiniň habaryna görä, dabara 1100-den gowrak adam gatnaşdy. Taýwanyň beýleki sebitlerinde şol gün towuk ýumurtgalaryny dik goýmak däp bolýan bolsa, Szýadun şäheriniň ýerleşýän Pindun uýezdinde bu däbiň ýerine garpyz goýdular.
Bu däp Szýadunyň adanyň esasy garpyz ösdürip ýetişdirilýän sebiti hasaplanmagyndan gelip çykýar. Guramaçylaryň çaklamalaryna görä, şäherçäniň golaýynda Taýwandaky ähli garpyzlaryň takmynan 60%-i ösdürilip ýetişdirilýär.
Karnawal ýerli oba hojalyk önümlerini we däp-dessurlaryny görkezmegiň bir usulyna öwrüldi. Her ýyl bu çäre dürli sebitlerden myhmanlary ýygnaýar we olary garpyz ösdürip ýetişdirmegiň taryhy we aýratynlyklary bilen tanyşdyrýar.
Szýadun şäheriniň ýaşaýjylarynyň köpüsi bu pudakda işleýär. Daýhanlar Taýwanyň dürli ýerlerinde, şol sanda derýalaryň kenarynda garpyz ösdürip ýetişdirýärler we soňra hasylyny satmak üçin şäherçä getirýärler. Bu iş usuly olara "garpyz dünýäsiniň çarwalary" lakamynyň dakylmagyna getirdi.


