Tailanda şa ene Sirikit aradan çykdy: ýurtda bir ýyl matam yglan edildi

  • düýn 17:57
  • 7.8k+

Tailandda 93 ýaşynda şa ene Sirikit aradan çykdy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Patyşa maşgalasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, ol Bangkokyň hassahanalarynyň birinde ýogaldy.

17-nji oktýabrda Sirikitde sepsis – ganyň zäherlenmegi ýüze çykdy, lukmanlar ähli tagallalara garamazdan, oňa garşy durup bilmedi.
Sirikit birnäçe günbatar ýurtlarda, şol sanda Fransiýada we Beýik Britaniýada Tailandyň ilçisi bolan diplomatyň gyzydy. 1950-nji ýylyň aprelinde ol tiz wagtdan tagta çykyp, Rama IX adyny alan Pumipon Adunýadete durmuşa çykdy. Ol ýurdy 70 ýyldan gowrak dolandyrdy – bu hem Tailandyň taryhynda iň uzak hökümdarlyk we dünýäde iň uzak hökümdarlygyň biri boldy. 2016-njy ýylda Rama IX aradan çykandan soň, tagty onuň ogly, häzirki patyşa Maha Waçiralongkorn eýeledi. Ol Rama X adyny aldy.
2021-nji ýylda insult geçirmezden ozal, Sirikit haýyr-sahawat we ýabany tebigaty goramak taslamalary bilen işjeň meşgullanypdy. Şa aýaly taý halkynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýardy, onuň portretleri bolsa öýlerde we dürli edaralarda asylýardy. Sirikidiň doglan güni, 12-nji awgust ýurtda Ene güni hökmünde bellenýärdi.
Häzirki patyşadan başga-da, Sirikidiň Rama IX bilen nikadan ýene üç gyzy boldy. Tailandda ene şanyň ölümi sebäpli milli matam yglan edildi: döwlet edaralar 30 gün baýdaklary aşak düşürer, döwlet gullukçylary we şa maşgalasy bolsa bir ýyllap matam tutar. 


07.12.2024 12:15
4.4k+

Taýlaryň tom-ýam çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasyna öwrüldi

Taýlaryň däp bolan tom-ýam-kung çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Naharyň sanawa goşulandygy barada Tailandyň Medeniýet ministri Sudawan Wangsuphakitkoson habar berdi. Ministriň...

14.06.2024 11:51
12k+

Tailandda ene pil sagdyn ekizleri dünýä inderdi. Bu diýseň seýrek hadysa

Bangkogyň demirgazygynda ýerleşen pilleriň Aýuthaýa köşgünde Jamjuri atly aziýaly ene pil iki sany sagdynja çaga pili dünýä inderdi. Sişenbe güni Phys.org neşiri agramy 80 kilograma barabar bolan ilkinji çaga piliň...

14.12.2023 15:16
8.7k+

Taý Täze ýyly ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Tailandyň milli Täze ýyly bolan Songkran baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. «Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiň 18-nji mejlisi Tailanddaky...

01.05.2023 16:00
14k+

Tailandyň ýaşaýjysy ChatGPT-niň kömegi bilen lotereýada utdy

Tailandly Pattawikorn Bunrin ChatGPT çat-botunyň kömegi bilen, lotereýada ýeňiji boldy. Emeli aň ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan sanlary utgaşdyrdy. Bunrin beýlebir kän pul utmady — bary-ýogy 2000 baht (takmynan...