Taý Täze ýyly ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

  • 14.12.2023 15:16
  • 8.9k+

Tailandyň milli Täze ýyly bolan Songkran baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

«Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiň 18-nji mejlisi Tailanddaky Songkran baýramyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky konwensiýasyna laýyklykda, maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek kararyny kabul etdi» diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Mundan başga-da, «Khon taý » teatry, adaty massaž we günorta taý tans teatry «Nora» maddy däl miras hökmünde ykrar edildi.
Tailand Songkranyň ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin 2020-nji ýylda ýüz tutupdy. Baýram taý Gün senenamasy boýunça Täze ýylyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Ol 13, 14 we 15-nji aprelde bellenilýär. 15-nji aprel taý eýýamynyň Täze ýylynyň ilkinji güni. Baýramyň ady terjime edilende «geçiş» diýmekdir, ol Günüň täleýnamanyň başga bir ýyldyzyna geçmegini aňladýar.


düýn 09:28
4.4k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

14.05.2026 00:03
7.5k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

22.03.2026 00:00
8.1k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...

22.02.2026 15:18
1.5k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi...