Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

  • 16.05.2026 09:28
  • 5.5k+

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen 50-ä golaý suratkeşi bir ýere ýygnady.

Serginiň tutýan meýdany öňki metallurgiýa zawodynyň takmynan alty gektaryny öz içine alýar. Köne zawodynyň meýdançalary ägirt uly gurnamalar, heykeller we graffiti (diwar suratlary) üçin ulanylýar.

Toplumyň baş direktory Ralf Baýlyň aýtmagyna görä, köne senagat ýerleri taryhy taýdan köçe sungaty we graffiti bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli suratkeşler öz işlerini ýörite şu ýer üçin taýýarladylar.

Gatnaşyjylaryň arasyndan fransuz suratkeşi Tomas Lakl boýag bilen örtülen furgon ulagdan, tekerlerden we böleklerden ybarat üýtgeşik gurnama taýýarlady.

«Delta» lakamy bilen tanalýan niderlandiyaly suratkeş Boris Tellegen uly agaç heykeli ýasasa, fransuzlaryň «Vortex-X» topary zallaryň birinde senagat matasyndan ýasalan «Ýoldaky ýatlama» atly kompozisiýany ýerleşdirdi. Ispan suratkeşi Ampparito bolsa garažyň depesine ispan dilinde «No hay nada de valor» – «Bu ýerde gymmatly hiç zat ýok» diýen ýazgyny goýdy.

Bu metallurgiýa toplumy 1986-njy ýylda öz işini togtatdy. Ol XIX–XX asyrlardan bäri tutuş saklanyp galan az sanly metallurgiýa zawodlarynyň biri hökmünde 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň miras sanawyna girizildi.

Täsin sergi ertir –16-njy maýda açylar we 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli dowam eder.


21.06.2026 10:39
6.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....