Tailandda ene pil sagdyn ekizleri dünýä inderdi. Bu diýseň seýrek hadysa

  • 14.06.2024 11:51
  • 12k+

Bangkogyň demirgazygynda ýerleşen pilleriň Aýuthaýa köşgünde Jamjuri atly aziýaly ene pil iki sany sagdynja çaga pili dünýä inderdi.

Sişenbe güni Phys.org neşiri agramy 80 kilograma barabar bolan ilkinji çaga piliň 7-nji iýunda agşam doglandygyny habar berdi. On sekiz minutdan soň, agramy 60 kilogram bolan ikinji çaga pil dünýä inipdir.
Ekiz pilleriň dünýä inmeginiň seýrek hadysadygyny, ähtimallygynyň bir göterimden hem azdygyny bellemelidiris. Gynansagam, ekizleriň biri, köplenç, öli dogulýar ýa-da ýaşamaga ukyply däl bolup çykýar.
Täze doglan piljagazlar, bagtlaryna örän sagdynja we eýýäm ejesiniň duýgur gözegçiligi astynda dünýäni işjeň öwrenýär.
Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň (WWF) hasabatyna görä, tebigatda saklanyp galan aziýa pilleriniň sany 8 000-11 000 aralygynda.


25.10.2025 17:57
14k+

Tailanda şa ene Sirikit aradan çykdy: ýurtda bir ýyl matam yglan edildi

Tailandda 93 ýaşynda şa ene Sirikit aradan çykdy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Patyşa maşgalasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, ol Bangkokyň hassahanalarynyň birinde ýogaldy. 17-nji oktýabrda Sirikitde sepsis – ganyň zäherlenmegi ýüze çykdy, lukmanlar ähli tagallalara garamazdan, oňa garşy durup bilmedi...

07.12.2024 12:15
4.4k+

Taýlaryň tom-ýam çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasyna öwrüldi

Taýlaryň däp bolan tom-ýam-kung çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Naharyň sanawa goşulandygy barada Tailandyň Medeniýet ministri Sudawan Wangsuphakitkoson habar berdi. Ministriň...

14.12.2023 15:16
8.8k+

Taý Täze ýyly ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Tailandyň milli Täze ýyly bolan Songkran baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. «Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiň 18-nji mejlisi Tailanddaky...

01.05.2023 16:00
14k+

Tailandyň ýaşaýjysy ChatGPT-niň kömegi bilen lotereýada utdy

Tailandly Pattawikorn Bunrin ChatGPT çat-botunyň kömegi bilen, lotereýada ýeňiji boldy. Emeli aň ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan sanlary utgaşdyrdy. Bunrin beýlebir kän pul utmady — bary-ýogy 2000 baht (takmynan...