Taýlaryň tom-ýam çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasyna öwrüldi

  • 07.12.2024 12:15
  • 4.5k+

Taýlaryň däp bolan tom-ýam-kung çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Naharyň sanawa goşulandygy barada Tailandyň Medeniýet ministri Sudawan Wangsuphakitkoson habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, tom-ýam-kung tailandlylaryň tebigata we sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgüsini görkezýär. Çorbanyň ady onuň esasy elementlerinden gelip çykýar: "gaýnadylan", "krewetka" we "suw".
Naharyň gelip çykyşy Tailandyň merkezindäki daýhan birleşiklerinden gaýdýar, ol ýerde ony krewetka, limon, lemongrassa, burç we balyk sousy ýaly ýerli önümleri ulanmak bilen taýýarlanýar. Ministr “tom-ýam-kungy bişirmek dessurynyň hemişe nesilden-nesle geçýändigini” nygtady.


Tom-ýam eýýäm köp düşündirişleri alyp, Tailandyň daşynda meşhurlyk gazandy. Ýurduň özünde ony taý medeniýetiniň ösmegine kömek edýän “ýumşak güýç” diýip atlandyrýarlar.
Çorba ÝUNESKO-nyň sanawynda Tailandyň beýleki, şol sanda taý owkalamasy, nykaply tans we budduzm aý senenamasyna laýyklykda täze ýylyň gelendigine bagyşlanan “Songkran” suw festiwaly ýaly medeni nyşanlarynyň üstüni ýetirer.


düýn 09:28
4.2k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

14.05.2026 00:03
7.4k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

22.03.2026 00:00
8.1k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...

22.02.2026 15:18
1.5k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi...