Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň 9-14-nji fewraly aralygynda geçiriler.
Bäsleşikler Aziýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrikanyň hem-de Okeaniýanyň iň güýçli figuralaýyn typyjylaryny bir ýere jemlär. Bu çäre Gazagystan üçin öz çäginde guraljak figuralaýyn typmak boýunça iň uly halkara ýaryş bolar.
ISU guramasy Gazagystanda sportuň bu görnüşine bolan islegiň barha artýandygyny aýratyn belledi. Figuralaýyn typmaga bolan goşmaça ünsi 2026-njy ýylyň fewralynda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde typmakda altyn medal gazanan Mihail Şaýdorowyň uly üstünligi has-da güýçlendirdi.
Gazagystan mundan ozal hem iri halkara gyşky sport bäsleşiklerini, şol sanda 2011-nji ýylyň Gyşky Aziýa oýunlaryny we 2017-nji ýylyň gyşky Uniwersiadasyny kabul edipdi.
ISU-nyň prezidenti Çže Ýol Kim çempionatyň Gazagystanda geçirilmeginiň Merkezi Aziýada figuralaýyn typmagyň ösmegine uly goşant goşjakdygyny we sebitiň janköýerlerine dünýäniň öňdebaryjy türgenleriniň çykyşlaryny görmäge mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.
Dört yklymyň çempionaty dünýä çempionatyndan soň ISU-nyň iň ähmiýetli ikinji ýaryşy hasaplanýar we ol her ýyl Ýewropa bäsdeşlik zonasyna girmeýän ýurtlaryň figuralaýyn typyjylarynyň arasynda geçirilýär.