«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

  • 24.03.2026 10:21
  • 2.5k+

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN.KZ habar berýär.

Başlangyjyň sebäpkärleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň zenan triatlonçylarydyr. Täze platformanyň çägindäki sport ýaryşlaryny Almaty, Bişkek, Daşkent we Samarkand şäherlerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

«Trigada» jemgyýetini esaslandyryjy we «Almaty Marathon» taslamanyň ýerine ýetiriji direktory Saltanat Kyzybaýewanyň sözlerine görä, 2024-nji ýylyň Olimpiada oýunlarynda erkekler bilen zenanlaryň gatnaşygy ilkinji gezek deňleşen-de bolsa (50/50), köpçülikleýin sportda zenanlaryň paýy entegem pesligine galýar.

Saltanat Kyzybaýewa Gazagystanda «Almaty Marathon» ýaryşyna gatnaşýan zenanlaryň sanynyň 2012-nji ýyldaky 30%-den, 2025-nji ýylda 45%-e çenli ýokarlanandygyny belledi. Emma triatlon babatda bu görkezijiler Gazagystanda takmynan 20%, Gyrgyzystanda binalaryň içinde 27,7%, açyk howada 19%, Özbegistanda 29% derejede bolmak bilen, görnetin azdyr.

Içinde ylgawyň, ýüzmegiň hem welosiped sürmegiň bardygy üçin köp zenanlar triatlony agyr sport hasaplaýarlar. Şeýle-de olaryň käbiri alaň-açyk suwda ýüzmekden çekinse, beýlekiler bu sport üçin hökman gymmat bahaly, aýratyn bir görnüşli welosiped gerekdir diýip pikir edýärler. Emma taslama ýolbaşçylary binalaryň içinde geçirilýän görnüşiň hem bardygyny we bu sportuň beýle bir agyr däldigini düşündirýärler.

«She.Tri» platformasynyň ilkinji ýaryşy eýýäm 8-nji martda Bişkekde ýapyk bina görnüşinde geçirildi. Onuň çäginde ýörite lybas bäsleşigi-de guraldy. Ýaryşyň guramaçylyk hysyrdylarynam, eminlik işlerinem zenanlaryň özleri ýerine ýetirdi.


düýn 22:55
1.1k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

31.05.2026 10:21
5.8k+

Çarwadarlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň baýrak gory 700 müň dollardan gowrak bolar

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň umumy baýrak gory 61,3 million soma (takmynan 700,8 müň dollara) deň bolar. Bu barada Kaktus.media neşiri Milli sport görnüşleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Ulukbek......

30.05.2026 11:26
10k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......