Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň umumy baýrak gory 61,3 million soma (takmynan 700,8 müň dollara) deň bolar. Bu barada Kaktus.media neşiri Milli sport görnüşleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Ulukbek Omurbekowa salgylanyp habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, 2026-njy ýylda geçiriljek bu oýunlaryň diňe sport böleginiň umumy býujeti 334,2 million soma (takmynan 3,82 million dollara) ýeter.
Bu ägirt uly serişde gatnaşyjylary ýerleşdirmek we iýmitlendirmek, ýörite sport lybaslary we enjamlary, türgenleri ýaryşa taýýarlamak hem-de saýlama turnirleri guramak, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek, şeýle-de ýaryşyň ýokarda agzalan pul baýraklarynyň gory üçin peýdalanylar.
Bu gezekki halkara oýunlaryna dünýäniň 90-dan gowrak ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary 31-nji awgust – 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanyň Yssyk-köl sebitinde guralar. Türgenleri ýerleşdirmek işleri 1-nji sentýabrda, esasy sport meýilnamasy bolsa 2-nji sentýabrda başlar.
Ýaryşlar sportuň jemi 43 görnüşi boýunça geçiriler. Bäsleşikleriň meýilnamasyna milli oýunlar, at çapyşyklary we at üstündäki dürli oýunlar, milli göreş görnüşleri, däp bolan paýhas oýunlary, adaty ýaýdan ok atmak, şeýle hem aw guşlary we tazylaryň gatnaşmagyndaky milli awçylyk ýaryşlary hem goşuldy.