Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

  • 05.04.2026 02:45
  • 3k+

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy boldy diýip, Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň halkara sekretariatyna salgylanyp, Gyrgyzystanyň «Kabar» milli habarlar agentligi habar berýär.

«Gar barsy diňe bir tumar däl-de, eýsem, kabul ediji ýurduň häsiýetini we 2026-njy ýyldaky Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň sport, medeniýet hem-de bilim arkaly adamlary birleşdirýän halkara platforma hökmündäki gymmatlyklaryny açyp görkezýän keşpdir» – diýip, sekretariat belleýär.

Habar berlişi ýaly, tumaryň wizual keşbi Gyrgyzystanyň tebigatyny, çarwa mirasyny we taslamanyň döwrebap öwüşginini özünde jemleýär.

Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dünýäniň çarwa halklarynyň etnik sport görnüşlerini we däp bolan medeniýetini saklamaga, ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen halkara medeni-sport çäresidir. Olar ilkinji gezek 2014-nji ýylda Gyrgyzystanda geçirildi. Ondan soňra 2016-njy we 2018-nji ýyllarda 2-nji we 3-nji Oýunlar hem şol ýurtda guraldy. 4-nji oýunlar 2022-nji ýylda Türkiýede, 5-nji oýunlar bolsa 2024-nji ýylda Gazagystanda geçdi.

6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlary şu ýyl 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler. Açylyş dabarasy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde bolar, esasy sport we medeni çäreler bolsa Yssykkölde guralar. Oýunlaryň maksatnamasyna etnosportuň 43 görnüşi, şeýle hem medeni we ylmy çäreler girýär.


31.05.2026 10:21
5.7k+

Çarwadarlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň baýrak gory 700 müň dollardan gowrak bolar

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň umumy baýrak gory 61,3 million soma (takmynan 700,8 müň dollara) deň bolar. Bu barada Kaktus.media neşiri Milli sport görnüşleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Ulukbek......

30.05.2026 11:26
10k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......

24.03.2026 10:21
2.5k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

20.01.2026 14:02
21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar...