Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan bilen 1:1 oýnady

  • 31.08.2025 09:17
  • 11k+

30-njy awgustda CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň garşysyna meýdança çykdy.

Oýnuň ilkinji minutlarynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy topa has köp erk etmegi başardy. Emma şondan soňra milli ýygyndylaryň ikisi hem garşylyklaýyn hüjümleri köp geçirdiler. Şeýle hüjümleriň birinde bolsa Mirza Beknazarowyň pasyna Wepa Jumaýew ýetişip oýnuň 43-nji minudynda hasaby açmagy başardy (0:1). Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyndan jogap goly gijikmedi. 45-nji minutda Gyrgyzystanyň düzüminden Kojo Joelu hasaby deňledi (1:1). Ondan soňra duşuşykda hasap üýtgemedi.
Oýnuň ikinji ýarymynda milli ýygyndymyz yzygider hüjümleri gurnasada hiç biri netije bermedi. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 64-nji minutda D.Durdyýewiň ornuna M.Titowy, şeýe-de A.Ataýewiň ornuna Y.Saparmämmedowy meýdança goýberdi. 79-njy minutda G.Annaýewiň ornuna A.Annadurdyýew, 90-njy minutda bolsa Ş.Tirkişowyň ornuna A.Sapargulyýew meýdança girdi. Emma, meýdança giren futbolçylaryň hiç biri hasaby artdyrmaga kömek edip bilmedi.

Netijede, toparlar bir utukdan paýlaşmaly boldular.
Duýduryşlar: 47 Kojo Joelu (Gyrgyzystan) – 58 Şanazar Tirkişow, 88 Abdy Bäşimow (Türkmenistan)
Türkmenistan indiki duşuşygyny 2-nji sentýabrda ýer eýeleri - Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen bolar. Duşuşyk sagat 19:30-da başlanar.


düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......