2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

  • 23.05.2026 23:33
  • 3.4k+

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen bilelikde kabul edildi.

Aslynda ýaryşy 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Manamada geçirmek meýilleşdirilipdi.

UWW ýaryşyň geçirilmeginiň sebitdäki howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşyklydygyny mälim etdi. Gurama bu kararyň ýaryşa taýýarlyk işleriniň soňky tapgyrlarynda  mesele ýüze çykmazlygy üçin öňünden kabul edilendigini belledi.

UWW-nyň wise-prezidenti Mihail Mamiaşwili çempionaty geçirmeklige Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň hem dalaşgärlik edendigini yglan etdi. Ses berlişigiň netijeleri boýunça Astana bir ses artykmaçlygy bilen ýaryşy geçirmek hukugyny gazandy.

Gazagystan öň dünýäniň göreş boýunça çempionatyny geçiripdi: 2019-njy ýylda ýaryş Respublikanyň paýtagtyndaky "Barys Arena"-da geçirildi. UWW ýaryşyň täze seneleri we detallary barada soň habar berjekdigini mälim etdi.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

03.04.2026 23:31
2.3k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

24.03.2026 10:21
2.5k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...