“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

  • 16.03.2026 16:43
  • 3.7k+

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi.

Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez. "Birnäçe alternatiwa göz öňünde tutulan hem bolsa, ahyrky netijede aprel aýynda başga ýerde geçirilmejekdigi baradaky karara gelindi" - diýlip, beýanatda aýdylýar.

FIA-nyň prezidenti Mohammed Ben Sulayem bu ýurtlaryň ýaryş möwsümi üçin möhümdigini nygtady we şertler mümkinçilik berse, tiz wagtda gaýdyp geljekdigine umyt bildirdi.

“Bu karara gelmek kyn düşen hem bolsa, gynansak-da, Ýakyn Gündogardaky şu wagtky ýagdaýy göz öňünde tutsak, häzirki tapgyrda bu dogry karardyr” diýip, Formula One Group-yň prezidenti we baş direktory Stefano Domenikali aýtdy.

Bahreýniň Gran-prisi 10-12-nji aprelde, Saud Arabystanyndaky tapgyry bolsa 17-19-njy aprelde geçirilmelidi. Netijede çempionatda bäş hepdelik arakesme emele geler: 29-njy martda Ýaponiýadaky ýaryşdan soň, indiki tapgyr baryp-ha 3-nji maýda Maýamide geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....