Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

  • 03.04.2026 23:31
  • 2.3k+

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi.

Bu möhüm karar 20-nji martda Polşanyň Torun şäherinde geçirilen Bütindünýä ýeňil atletika federasiýasynyň geňeşiniň mejlisinde yglan edildi. Federasiýanyň prezidenti Sebastýan Kou bu kararyň sportuň gerimini giňeltmek we täze bazarlara çykmak strategiýasynyň bir bölegidigini belledi. Onuň sözlerine görä, beýle sebitlerde ýaryşlaryň geçirilmegi ýeňil atletikanyň dünýä kartasyndaky ornuny berkitmäge kömek eder.

Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň prezidenti Ashat Hasenow bolsa bu wakany ýurduň sport boýunça edýän tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi diýip kabul edýändigini aýtdy. Şeýle-de ýaryşyň iň ýokary derejede geçiriljekdigine we sportuň ösmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Astana şäheri bu uly ýaryşa taýýarlyksyz hem däldir. Çünki gazak paýtagtynda mundan öň, 2023-nji ýylda Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky Aziýa çempionaty, World Indoor Tour Gold Halkara ýaryşlaryň tapgyrlary ýaly möhüm sport çäreleri geçirilipdi. 


22.06.2026 22:55
5.9k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 23:33
3.5k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......