Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi

  • 08.05.2025 16:17
  • 11k+

Azerbaýjanyň ADOG kompaniýasy bilen Halkara Zira porty Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklibini orta atdy. Bu barada azerbaýjan maglumat portaly «Minval Politika» habar berýär.

Taslamada diametri 10 metr bolan tuneliň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu tunel Hazar bilen Gara deňzi biri-birine baglar. Tebigy beýiklikleriň tapawudy sebäpli, suw Hazar deňzine nasossyz, öz hereketine akyp biler.
Teklibi öňe sürüjiler bu taslamanyň Hazar deňziniň suw derejesini durnuklaşdyrmaga kömek etjekdigini aýdýarlar. Suwuň derejesiniň soňky ýyllarda yzygiderli peselmegi sebitiň ykdysadyýetine, ekologiýasyna we Hazaryň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň infrastrukturasyna howp salýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, taslama berk ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrylar we daşky gurşaw yzygiderli gözegçilikde saklanar. Taslamanyň ýolbaşçylary bu başlangyja döwlet derejesinde garalmagyna umyt bildirýärler we degişli guramalar bilen öňünden maslahatlaşyk geçirmegi teklip edýärler.
Aprel aýynda Hazar deňziniň derejesiniň 2100-nji ýyla çenli 21 metr peselip biljekdigi habar berildi. Alymlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý uly ekologik betbagtçylyga sebäp bolup biler.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......