Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

  • 30.04.2026 17:05
  • 2.7k+

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan brifing geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo Alibek diplomatik wekilhananyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş edip, geljekki forumyň ähmiýeti we formaty barada giňişleýin maglumat berdi.

2026-njy ýylyň 25–28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek bu maslahat Täjigistanyň Hökümeti tarapyndan BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýar. Maslahatyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň suw bilen baglanyşykly maksatlaryna ýetmek, bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek  we innowasion çözgütleri tapmak üçin ählumumy platforma döretmekden ybarat.

Geljekki forum dört sany möhüm ugry öz içine alýar:

  • Senegal we BAE-niň başlyklyk etmeginde geçiriljek 2026-njy ýyldaky BMG-niň Suw serişdeleri boýunça maslahatyna esasy taýýarlyk çäresi.
  • Gerimini giňeldip boljak çözgütleri hödürlemek, hyzmatdaşlygy berkitmek we ileri tutulýan suw meselelerini çözmek üçin täze gatnaşyklary ýola goýmak;
  • BMG-niň Baş sekretarynyň 2018–2028-nji ýyllar üçin Suw boýunça hereketleriň onýyllygynyň meýilnamasynyň dört ugry esasynda bu onýyllygyň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirmek;
  • Suw boýunça hereketleriň onýyllygynyň jemleýji syny we 2030-njy ýyldan soňky döwür üçin BMG-niň suw boýunça gün tertibini döretmek barada pikir alyşmalara girişmek.

Bu maslahata döwlet wekilleri, halkara maliýe guramalary, alymlar, şeýle hem ýaşlar we zenanlar guramalary gatnaşar.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......