Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

  • 22.04.2026 19:17
  • 7.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen guralan bu iri halkara çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň döwlet Baştutanlary, Azerbaýjanyň Premýer-ministri we BMG-niň birnäçe edaralarynyň hem-de halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Sammit sebitde ekosistemalary goramak, suw we ýer serişdelerini bilelikde ulanmak hem-de biodürlüligi saklamak boýunça bitewi syýasaty kemala getirmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda häzirki wagtda howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy we çölleşme ýaly global wehimleriň durnukly ösüşe ýetirýän täsirine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany bu ugurda ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň, olaryň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär.

Şeýle-de, döwlet Baştutany serhetýaka suw serişdelerini oýlanyşykly we adalatly peýdalanmak, Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak babatda Türkmenistanyň resmi garaýşyny mälim etdi. Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aral deňzi meselesi boýunça zerur çözgütleriň hem kabul edilmegine ynam bildirdi.

Forumyň dowamynda howa geçişi, azyk howpsuzlygy we galyndylary dolandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça maslahatlar geçirilip, onlarça resminama gol çekilmegine garaşylýar. Umuman alanyňda, RES-iň meýilnamasynda 58 çäre göz öňünde tutulýar. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Astanada 30 ýurtdan 300-e golaý kompaniýanyň gatnaşmagynda «RES 2026 EXPO» halkara sergisi geçirilýär.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......