Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

  • 23.04.2026 10:39
  • 3.3k+

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreş we sanly tejribeler ýaly möhüm meseleler girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynyň dowamynda suw serişdeleriniň azalmagy, çölleşme hadysalarynyň güýçlenmegi we biologik köpdürlüligiň ýitmegi ýaly hadysalaryň durmuşyň dürli ugurlaryna ýaramaz täsir edýändigini nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu sammitde Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyçlaryny öňe sürýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek we oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn belläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň, ekologiýa taýdan durnukly ösüş meseleleri boýunça sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Şeýle hem, Türkmenistan suw meseleleriniň halkara kadalar esasynda we ähli taraplaryň bähbitlerini hasaba almak bilen çözülmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça Sebit geňeşini döretmek teklibi öňe sürüldi.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýa meselelerine hem aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Hazar ekologiýa başlangyjynyň Konsepsiýasyny taýýarlandygy we şu ýylyň oktýabr aýynda bu ugurda ýokary derejeli täze duşuşygyň geçiriljekdigi bellenildi.

Sammitiň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebit ýurtlarynyň durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugrundaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......