Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

  • 02.05.2026 08:13
  • 2.7k+

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu daşary ýurt saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýetiniň Kazan şäherine (Tatarystan Respublikasy, RF) sapary taýýarlanylýar. Saparyň çäklerinde her ýyl geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumyna, «Russiýa – Yslam Dünýäsi Hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara Emläk Bazary» atly sergilere we maslahatlara, «Kazan Halal Bazary» halkara ýarmarkasyna hem-de «Asylly moda güni» festiwalyna we atly sport boýunça çärelere gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, türkmen wekiliýeti London şäherinde (Beýik Britaniýa) ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan geçiriljek Windsor halkara atly oýunlara we at ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Ol ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleriniň Baku şäherinde (Azerbaýjan) geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä forumynyň (UN-Habitat) 13-nji mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady we türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 13–14-nji maýynda Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmagyna, 16–17-nji maý aralygynda London şäherine boljak iş saparyna, şeýle hem 17–22-nji maý aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşmagyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


düýn 22:20
2.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......