Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 17.07.2025 13:09
  • 10k+

16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

“Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady. Yslam dini beýik we ebedi gymmatlyklary bilen biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......