Bakuda Magtymgulynyň goşgularyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki ýygyndysy tanyşdyryldy

  • 10.10.2024 11:20
  • 2.4k+

7-nji oktýabrda Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň we Türki halklarynyň medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň (Baku ş.) bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň “Aşyk bolmuşam” atly ýygyndysynyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki kitabynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Tanyşdyryş dabarasyna daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Azerbaýjanyň görnükli medeniýet wekilleri, şahyrlary, ýazyjylary, edebiýatçylary, alymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, onda esasy myhmanlar hökmünde Türki halklarynyň medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň prezidenti we Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň alymlary çykyş etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen saýlanan eserlerini öz içine alýan neşiriň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem resmi tanyşdyryş dabaranyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilinde çapdan çykan goşgular ýygyndylarynyň we kitaplarynyň sergisi gurnaldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......