Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça onlaýn duşuşyk geçirild

  • 12.02.2025 16:32
  • 2.5k+

10-njy fewralda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýük gatnawlaryny ösdürmäge, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Taraplar taslamanyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin söwda gatnaşyklaryna ýetirjek oňyn täsirini, şeýle hem Ýewropa we Aziýa bazarlaryny baglanyşdyrmak üçin ýük daşamak ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryny çekmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de, taraplar ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......