Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, RF-niň we Marokkonyň parlament wekilleri bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 11:13
  • 6.5k+

4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Parlament forumy geçirildi. Forumyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we Marokkonyň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp geçdiler. Iki ýurduň Liderleriniň arasynda alnyp barylýan işjeň dialog esasynda ösdürilýän parlamentara gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygy nygtaldy. Özbegistan “ýaşyl” logistika, infrastruktura we sanly çözgütler boýunça yzygiderli dialogy ýola goýmagy teklip etdi hem-de Termiz – Mazar-e-Şarif – Kabul – Peşewar ugurly owganüsti geçelgesi ýaly taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ugruň Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ep-esli giňeltjekdigi bellenildi. Şeýle-de, kanunçykaryjylyk işi, söwda we üstaşyr amallarynyň ýeňilleşdirilmegi babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahyba Gafarowa bilen duşuşykda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjana amala aşyran soňky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Parlamentara dialogyň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygy aýdylyp, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardyklary tassyklandy.
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen geçirilen duşuşykda BMG-niň maslahaty we parlament forumynyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbit we dostluk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda dialogyň möhüm roly bellenildi.

Marokkonyň Wekiller palatasynyň başlygynyň orunbasary Ghaýata Mohammed bilen bolan duşuşykda bolsa, iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryna seredildi. Parlament agzalary parlament işi boýunça maglumat alyşdylar hem-de kanunçykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň parahatçylygy we ynamy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......