Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 17.07.2025 12:35
  • 7.1k+

16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.

Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......