Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi

  • 04.07.2025 11:29
  • 9.5k+

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
R.Meredow Ilham Aliýewe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ösüşine itergi berýän bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, söhbetdeşler medeniýet, bilim we beýleki jemgyýetçilik ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini bellediler.
Taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......