Gurban Berdiýewiň «Turany» Azerbaýjanyň Premýer-ligasynda birinjiligi saklaýar we rekorda barýar

  • 03.09.2024 11:21
  • 14k+

Azerbaýjanyň Towuz şäherinden "Turan" futbol kluby Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky birinji möwsümde Premýer-ligada haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Klub möwsümiň ilkinji bäş oýnunda derwezesinden ýeke gezek hem gol geçirtmedi diýip, Oxu.Az habar berýär.

Topar möwsümiň başynda diňe "Neftçi" bilen duşuşykda utuk ýitirdi (0:0), emma soň "Sumgaýyt", "Karabah", "Sabail" we "Kýapaz" klublaryndan gazanan ynamly ýeňşi onuň çempionatda liderligini berkitdi.
Bu netije azerbaýjan ligasynyň 32 ýyllyk taryhynyň dowamynda ýedinji gezek gaýtalandy. "Turandan" öň, möwsümiň başlangyç bäş oýnunda derwezesine top geçirtmän saklap bilen klublar - «Inşaatçy», «Hazri», «Dinamo» (soň «Baku»), «Gabala» we «Hazar Lýankarana» (iki gezek).
Baş tapgyrdan soň, "Turan" ýaryş jedwelinde 13 utuk bilen birinji orny eýeläp gelýär. Onüň yzyndan 10 utuk bilen "Sabah" gelýär. "Karabah" 9 utuk we bir oýun ätiýajy bilen üçünji ýerde ýerleşýär.
UEFA Milletler ligasynda Azerbaýjanyň ýygyndysynyň duşuşygy bilen bagly klublar bir hepdelik arakesmä çykýar. Şondan soň, Gurban Berdiýewiň şägirtleri "Sabah" bilen duşuşarlar. Bu hem klub üçin möhüm synaglaryň biri bolar.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......