Türkmenistan Bakuda Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy

  • 09.04.2025 11:44
  • 4.1k+

4-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki Baku şäherinde geçirilen 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. 

Çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjanyň energetika strategiýasy, halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti, Günorta gaz geçelgesiniň taslamasynyň sebit we halkara ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdi.
Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Mundan başga-da, «Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna – Günorta-Gündogar we Merkezi Ýewropa döwletlerine gazy eksport etmegiň mümkinçiligi ýaly Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Hazar deňzinde ýerleşdiriljek ýel elektrik stansiýalaryny goşmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary barada pikir alyşmalar geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýaşyl energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalara hem gol çekildi.


şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......