Bakuwda 34 harpdan ybarat bir umumy türki elipbiýi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 13.09.2024 16:01
  • 9.9k+

9 – 11-nji sentýabrda Bakuwda bir umumy türki elipbiýini işläp taýýarlamak boýunça komissiýanyň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlis Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Türkiýäni birleşdirýän Türki akademiýasy tarapyndan gurnaldy diýip, Nuz.uz habar berýär.

Duşuşykda türki dünýäsiniň ýurtlarynyň wekilleri latyn elipbiýine esaslanýan 34 harpdan ybarat elipbiýi kabul etmek barada ylalaşdylar. Bu ädim dil birligini gazanmaga we türki halklaryň arasynda özara düşünişmegi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bir umumy elipbiý taslamasy ilkinji gezek 1991-nji ýylda teklip edildi. Bakuwda geçirilen mejlisde gatnaşyjylar ony has giňişleýin maslahatlaşyp, doly işlemegi talap edýän taraplary ýüze çykardylar. Elipbiýiň her bir harpy türki dilleriň özboluşly fonetik aýratynlyklaryny görkezmäge gönükdirilendir.
Türki akademiýasy bir umumy elipbiýiň üstündäki işleriň tamamlanmagynyň möhüm taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Wekiller halkara edaralary aragatnaşygy aňsatlaşdyrmaga we medeni mirasy gorap saklamaga ýardam etjek elipbiýiň ornaşdyrylmagyny goldamaga çagyrdylar.


06.06.2026 16:07
6.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

03.05.2026 13:30
1.5k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

16.03.2026 16:50
3.5k+

«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy...