«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

  • 16.03.2026 16:50
  • 3.5k+

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişi ýaly, artistler ahalteke bedewleriniň üstünde milli jigitlik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny we çylşyrymly akrobatik hereketleri görkezdi. Şeýle çykyşlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

At üstündäki oýunlardan başga-da, tomaşaçylara sirkiň beýleki žanrlaryna degişli çykyşlar hem görkezildi, bu bolsa tomaşanyň has-da baý we täsirli bolmagyny üpjün etdi.

«Circus Sea Breeze» arenasyndaky çykyş «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň bir bölegi boldy. Türkmen artistleriniň ýurtdaky çykyşlarynyň 30-njy marta çenli dowam etmegine garaşylýar.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......