Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

  • 03.05.2026 13:30
  • 1.5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda D.Orazow Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldaw bermeginde Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýurt ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Maslahatyň barşynda bu halkara forumda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň giňden beýan edilmelidigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň halkara giňişliginde möhüm orna mynasyp boljakdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem maslahatda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň şäher ilatynyň we edara-kärhanalaryň elektrik toguny, tebigy gazy hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmagynda aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özara tejribe alyşmakda uly ähmiýeti bolan bu saparyň jemleri boýunça ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.


11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....