“Turan” ýewrokuboklara ymtylýar: klubuň kapitany Berdiýewiň täze filosofiýasyny gürrüň berdi

  • 18.07.2024 13:48
  • 12k+

Azerbaýjanyň “Turan” futbol klubunyň kapitany Şahriýar Aliýew Azerisport.com habarlar çeşmesi bilen geljekki möwsüm barada pikirlerini paýlaşdy. Ol toparyň baş tälimçi Gurban Berdiýewiň girizýän täze taktikasyna uýgunlaşmagyň ugrundadygyny belledi.

Öň, türgenleşik ýygnanyşygy wagtynda geçirilen ýoldaşlyk oýunlarynda Towuzdan bolan klub “Şamkiri” (13:0) we “Kýapazy” (4:0) uly hasap bilen utdy.

“Ýoldaşlyk oýunlarynda ýeňiş gazanyldymy, ol ulumy ýa-da ýok, bu möhüm däl. Biz baş tälimçiniň görkezmelerini ýerine ýetirmäge çalyşýarys. Bu iň esasy zat. Biz agyr türgenleşikler sebäpli oýna ýadaw halda çykdyk. Şeýle ýagdaýda ýalňyşlyklara ýol berilýär we biz olary görýäris. Gurban Berdiýew her bir oýny, her bir türgenleşigi seljerýär, bize gowşak we güýçli taraplarymyzy görkezýär, ýumuş tabşyrýar. Ýene bir gezek gaýtalasak, şeýle oýunlarda hasabyň ähmiýeti ýok” diýip, Aliýew belledi.

Futbolçynyň aýtmagyna görä, Berdiýew täze taktikany ornaşdyrýar.

“Onuň öz filosofiýasy bar we bizden şoňa laýyk oýnamagymyzy talap edýär <…> Her tälimçiniň öz stili bar. Her türgenleşikden we oýundan soň Gurban Berdiýew seljerme geçirýär, düşünmedik zadymyzy düşündirýär. Ol hemişe bize nämedir bir zada düşünmesek sorag bermelidigimizi aýdýar. Ýene-de düşündirýär – hem türgenleşikde, hem ýygnakda. Biz her gün ýygnak geçirýäris diýseň hem bolar” diýip, kapitan aýdýar.

Aliýew tälimçiniň oýunçylaryň her biri bilen gürleşip bilýändigini belleýär.

“Ol futbolçylaryň arasynda tapawut goýmaýar, hemmelere deň garaýar. Her oýunçy bilen gürleşýär. Futbolçylar bilen bire-bir duşuşýan wagtlary hem bolýar. Ol futbol ylmy we başga-da köp zatlar barada gürrüň berýär. Iň esasy zat, ol gowy topar döretdi” diýip, ol gürrüň berýär. Kapitan toparyň tälimçiniň görkezmelerini doly ýerine ýetirip biljekdigine ynanýar.

“Turanyň” geljekki möwsümdäki maksatlary barada aýdyp, Aliýew möwsümiň jemi boýunça ýewrokuboklara ýollama almaga umyt edýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, ýakyn günlerde Gurban Berdiýewiň topary has abraýly garşydaşlar bilen oýunda güýjüni synap görer. “Turan” Türkiýäniň Super ligasynyň kluby “Adana Demirspor” (22-nji iýul), şeýle-de Türkiýäniň birinji ligasynyň iki wekili – “Pendikspor” (18-nji iýul) we “Kojaelispor” (25-nji iýul) bilen oýnar.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.8k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....