Awazada forumyň çäklerinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi

  • 06.08.2025 14:18
  • 6.3k+

5-nji awgustda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika, ulag we logistika, senagat hem-de oba hojalygy aýratyn bellenildi. Taraplar bu görnüşdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we geljegi uly başlangyçlary bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “maşgala agzasy” hökmünde tutýan möhüm ornuny hem-de sebit döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw geňeşiniň işindäki ähmiýetli goşandyny nygtadylar.


Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ynamly ösýändigini, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýändigini we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle-de, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Azerbaýjan–Türkmenistan–Özbegistan formatyndaky hyzmatdaşlygy möhüm hasaplaýandygyny belläp, geçirilen duşuşygy bu gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin esas hökmünde häsiýetlendirdi.


Duşuşykda medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ulag, logistika we energetika pudaklarynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyran soňky saparynyň dowamynda Ilham Aliýew bilen Fizuli etrabynda metjit gurmak we Fizuli bilen Arkadag şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada ylalaşyga gelnendigini mälim etdi diýip, Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň saýtynda habar berilýär.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......