Türkmenistanyň daşary işler ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy

  • 04.07.2025 19:15
  • 3.8k+

3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.
Taraplar energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň esasy merkezi hökmünde strategik orny nygtaldy.
Ministrler ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň ýollaryna garadylar, şeýle hem medeniýet, bilim, ylym we beýleki sosial ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......