Formula-1: Piastri Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, “Maklaren” sanawda “Red Bulldan” öňe geçdi

  • 16.09.2024 10:09
  • 2.1k+

Awstraliýaly Oskar Piastri (“Maklaren”) “Formula-1-iň” Azerbaýjanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu Piastriniň karýerasynda ikinji ýeňşidir. Mundan öň ol Wengriýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanypdy, ýöne bu onuň topardaşy Lando Norrisiň öňdebaryjylygy Piasträ bermegi bilen mümkin boldy.

Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler, üçünji orny “Mersedesden” Jorj Rassel eýeledi. Şahsy sanawda birinji orny eýeleýän Maks Werstappen ýaryşyň netijesinde bäşinji orny eýeledi.
Soňky aýlawlarda “Ferrariden” Karlos Saýns bilen “Red Bulldan” Serhio Peres çaknyşyp, ýaryşdan çykdylar. Şeýle-de, ýaryşyň dowamynda Lens Stroll (“Aston Martin”) we Ýuki Sunoda (“RB”) ýaryş ýolundan çykdy. 
Ýaryşyň jemi boýunça, “Maklaren” Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bulldan” öňe geçip, soňky 10 ýylda ilkinji gezek birinji orny eýeledi. “Red Bull”, öz gezeginde, soňky iki ýylda ilkinji gezek öňdebaryjylygyny ýitirdi. 
Konstruktorlaryň kubogy – 2024:

  • “Maklaren” – 476 utuk;
  • “Red Bull” – 456;
  • “Ferrari” – 425;
  • “Mersedes” – 309;
  • “Aston Martin” – 82;
  • “RB” – 34;
  • “Haas” – 29;
  • “Uilýams” – 16;
  • “Alpin” – 13;
  • “Kik-Zauber” – 0.

19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

03.06.2026 15:45
13k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....