Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy

  • 24.04.2025 23:24
  • 3.2k+

Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Babir juwanlygy, işjeňligi we tükeniksiz ruhubelentliligi, Leýla bolsa gözelligi, näzikligi we paýhaslylygy alamatlandyrýar.

“Kawkaz alajagaplaňlarynyň keşbinde ýerine ýetirilen gujurly we dostlukly tumarlar diňe bir enaýyja personažlar däl. Olar Azerbaýjanyň ruhunyň, onuň baý tebigatynyň, güýjüniň we myhmansöýerliginiň aýdyň beýanydyr” – diýlip, guramaçylyk komitetiniň habarynda aýdylýar.

Kawkaz alajagaplaňy Kawkazda ýitmek howpy abanýan jandarlary goramak maksatnamasyna hem-de Azerbaýjanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
GDA ýurtlarynyň III Oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň 7 şäherinde – Genji, Gabala, Göýgöl, Mingäçewir, Hankendi, Ýewlah we Şeki şäherlerinde geçer. Ýaryş “Ýeňiş her bir ýürekde” şygary bilen geçiriler. Dabaranyň açylyş we ýapylyş dabarasy Genji şäherinde bolar. Ýaryşa gatnaşyjylar sportuň 23 görnüşinde medal ugrunda bäsleşer. GDA ýurtlarynyň geçenki oýunlary 2023-nji ýylda Belarusda geçdi. 


18.12.2025 23:16
4.5k+

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...

22.09.2025 12:40
2.9k+

Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi...

01.09.2025 14:09
7.3k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...

07.12.2024 08:44
9.9k+

Messi, Suares, Buskets we Alba Bakuwa baryp görer

Futbol taryhynda iň köp titula eýe bolan futbolçylaryň biri Lionel Messi Azerbaýjanyň paýtagtyna baryp görer. Argentinaly futbolçy bilen birlikde Bakuwa onuň topardaşlary Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Alba...