Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

  • 22.09.2025 12:40
  • 2.9k+

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi.

Möwsümiň öňdebaryjysy Oskar Piastri (“Maklaren”) eýýäm birinji aýlawda ýoldan çykdy we ýaryşy möhletinden ir tamamlady.
Werstappen üçin bu Italiýadaky üstünliginden soň yzygider ikinji we möwsümde dördünji ýeňşi boldy. Ol geçen ýylyň iýunyndan bäri ilkinji gezek yzygider iki ýaryşda ýeňiji boldy.
Bu üstünliginiň netijesinde niderlandly sürüji “Uly tuwulgalaryň” sany boýunça Lýuis Hemilton bilen deňleşdi. Indi ikisiniň hem hasabynda şular ýaly alty üstünlik bar, ondan köp diňe Jim Klarkyň hasabynda – sekiz. “Uly tuwulga” pouldan başlap, her aýlawda öňdebaryjy bolan, iň gowy aýlawy görkezen we ýaryşda ýeňiji bolan sürüjä berilýär.
Bakuwdaky ýeňiş Werstappeniň karýerasynda 67-nji boldy we şahsy hasapda Piastriden tapawudy 69 utuga çenli azaltmaga mümkinçilik berdi. Awstraliýaly birinji bolup galýar (324 utuk), ikinji orunda onuň topardaşy Lando Norris (299), üçünji orunda Werstappen (255) ýerleşýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” 623 utuk bilen öňde barýar. Ikinji orunda “Ferrariden” (286) öňe geçen “Mersedes” (290) ýerleşýär. “Red Bull” dördünji orunda galdy we titul üçin hatda matematiki mümkinçiligini-de ýitirdi. Bäşligi “Uilýams” (101) jemleýär. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

03.06.2026 15:45
13k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....