Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

  • 18.12.2025 23:16
  • 4.6k+

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär.

Azerbaýjanyň paýtagty bu tituly Monakodan kabul edip aldy.
Bakuwda «Dünýäniň sport paýtagtlary» ýadygärlik tagtasyna resmi gol çekmek dabarasy geçirildi. Çärä resmi adamlar we ACES-iň wekilleri gatnaşdy. Guramanyň prezidenti Jan Françesko Lupatelli Bakuwyň hemişe sport ösüşinde öňdebaryjylaryň hatarynda bolandygyny we sport infrastrukturasynyň ýokary hili bilen tapawutlanýandygyny belledi.
ACES Brýusselde ştab-kwartirasy bolan täjirçilik däl assosiasiýadyr. Gurama her ýyl sport paýtagtlaryny saýlap, dürli yklymlardaky şäherlere ýörite baýraklary berýär. Assosiasiýa ÝUNESKO-nyň, şeýle-de Ýewrokomissiýa tarapyndan geçirilýän Ýewropa sport hepdeliginiň resmi hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. 


21.04.2026 18:34
2.5k+

Ýewropada subsidiýa syýasaty tankyt edildi: awtoulagyň howpsuzlygy goldawyny ýitirýär

Ýewropanyň elektrik ulaglaryny goldaýan syýasaty ulagyň howpsuzlygyny bahalandyrýan gurama bolan Euro NCAP tarapyndan tankyt edildi. Onuň ýolbaşçysy Mihel wan Ratingen hökümetleriň elektrik ulaglaryna......

13.04.2026 15:30
5.1k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

27.03.2026 15:39
9k+

Türkiýe, Italiýa we Şwesiýa dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşi dowam etdirýär

27-nji marta geçilen gije Dünýä çempionaty — 2026-nyň Ýewropada saýlama tapgyrynyň pleý-offunyň 1/2 final oýunlary geçirildi....

22.09.2025 12:40
2.9k+

Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi...