Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

  • 13.04.2026 15:30
  • 5.2k+

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy.

Eta Bundesliganyň galan bäş tapgyrynda «Union» bilen işleşer. Möwsüm tamamlanandan soň bolsa, ol klubuň zenanlar toparynyň baş tälimçisi wezipesine geçer.

Hünärmen 2023-nji ýyldan bäri «Unionyň» ulgamynda işläp gelýär. Şol wagt ol 19 ýaşyna çenli erkekler toparynyň baş tälimçisiniň kömekçisi wezipesini eýeläpdi.

Häzirki wagtda «Union» Germaniýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 11-nji orunda barýar.

«Sports» neşiriniň ýazmagyna görä, Mari-Luize Eta Ýewropanyň taryhda bäş sany öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň birinde (Germaniýa, Angliýa, Ispaniýa, Italiýa ýa-da Fransiýa) erkekler toparyna ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan boldy.

«Deutsche Welle» neşiriniň belleýşi ýaly, mundan ozal zenanlar erkekler toparlary bilen diňe aşaky diwizionlarda işleşipdi. Mysal üçin, üçünji ligada çykyş edýän Germaniýanyň «Ingolştadt» klubuna 2024-nji ýyldan bäri Sabrina Wittman tälim berýär. Fransiýanyň ikinji diwizionyndaky «Klermon» toparyna bolsa 2014–2017-nji ýyllar aralygynda Korin Dýakr ýolbaşçylyk edipdi.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......