Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi

  • 05.07.2025 06:08
  • 6k+

4-nji iýulda Hankendi şäherinde (Azerbaýjan) Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammiti geçirildi. Sammite daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň dowamynda sammitiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin ýokary derejeli platforma öwrülendigi bellenildi.
R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.
Türkmenistan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda täsirli logistika ugurlaryny döretmegi, energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýaşyl energetikany ösdürmegi, söwdany ösdürmek babatyndaky päsgelçilikleri aýyrmagy, maýa goýumlary çekmegi hem-de häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi kesgitläp, YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.
YHG-nyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek boýunça iş alyp barmak teklip edildi.
Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň üsti bilen işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy hem bellenildi.
Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk hem birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkitjekdigi nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar Sammitiň netijeleriniň YHG-na agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......