Messi, Suares, Buskets we Alba Bakuwa baryp görer

  • 07.12.2024 08:44
  • 10k+

Futbol taryhynda iň köp titula eýe bolan futbolçylaryň biri Lionel Messi Azerbaýjanyň paýtagtyna baryp görer. Argentinaly futbolçy bilen birlikde Bakuwa onuň topardaşlary Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Alba gider.

Futbolçylar öň “Barselonada” bilelikde oýnapdylar, häzir bolsa “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýärler.
11-nji dekabrda dünýä futbolynyň ýyldyzlary Bakuwyň kristal zalynda muşdaklary bilen duşuşarlar. Çärä gatnaşyjylar dünýä çempionyny we “Altyn topuň” sekiz gezek eýesini görüp bilerler. Maksatnamanyň çäklerinde Messiniň durmuşy we karýerasy barada film hem görkeziler.
Şeýle-de, myhmanlara aýdym-saz programmasy garaşýar. Belli fransiýaly aýdymçy we di-jeý Willi Uilýam (Willy William) we Rumyniýanyň dens-pop topary Morandi köpçüligiň öňünde çykyş eder.
Bellenilişi ýaly, petek satuwy başlanandan soň, bir günüň içinde 10 000-den gowrak petek satyn alyndy. Satuwdan alnan serişdeler haýyr-sahawata gönükdiriler.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......