Bakuwda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

  • 29.07.2025 13:13
  • 5.2k+

28-nji iýulda Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Mejlis Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýewiň we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Mejlisiň dowamynda söwda, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we işewürlik ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalaryň utgaşdyrylmagyna, özara maýa goýumlarynyň höweslendirilmegine we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynamly gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ornuna aýratyn üns berildi.

Azerbaýjanda senagat, gurluşyk, ulag, söwda we hyzmat ulgamlarynda türkmen maýasy bilen 75 sany kärhananyň hereket edýändigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar Azerbaýjanyň infrastrukturasyny energiýa serişdelerini eksport etmekde ulanmak mümkinçilikleri bilen birlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de "Gündogar-Günbatar" transmilli ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi geçen ýylda 2 mln tonnadan geçdi, şu ýylyň birinji ýarymynda bolsa 1 mln tonna ýetdi.
Mejlisde "Alýat" erkin ykdysady zolagynyň mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen maýadarlarynyň Zangezur geçelgesi bilen bagly taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesinde söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky beýannama gol çekildi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:42
1.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......