Awazada Hazar deňziniň meseleleri boýunça kenarýaka döwletleriň wekilleriniň ýygnagy geçirildi

  • 06.08.2025 18:15
  • 7.7k+

5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen tarapynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar Hazar deňzinde ekologik howpsuzlygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak we çeşmelerinden rejeli peýdalanmak baradaky düşünjelerini paýlaşdylar. Hazar deňiziniň suwunyň derejesiniň pese düşmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitlerinde kabul edilen çözgütlere we ylalaşyklara laýyklykda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Hazar deňziniň daşky gurşaw bilen bagly meselelerini çözmekde Türkmenistanyň işjeň garaýşyna üns çekildi.
Türkmenistanyň Hazar meselesi boýunça alyp barýan işjeň syýasaty aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde öňe süren Hazaryň ekologik başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.
Duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary Hazaryň meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......