Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer

  • 09.05.2025 10:59
  • 2.4k+

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk hem-de InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergilerine gatnaşar. Sergiler 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriler.

Orient agentliginiň habar bermegine görä, çärä 30-dan gowrak ýurtdan 450-ä golaý kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, Türkmenistan giň gerimli pudaklaýyn forumlaryna gatnaşmagyny tassyklady. Munuň özi ýerli kärhanalara halkara meýdançalarynda öz önümlerini görkezmäge, şeýle hem mümkin bolan hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Bakunyň sergilerine gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalary üçin agrar we azyk senagaty pudaklarda gazananlaryny görkezmäge hem-de daşary ýurtly öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik bolar. Şeýle-de sergä Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we beýlekileriň kompaniýalary gatnaşar.
Caspian Event Organizers kompaniýasynyň wekili Bahruza Hidaýatzadeniň aýtmagyna görä, şu ýyl sergiler gatnaşyjylara we myhmanlara gatnaşyk we hyzmatdaşlygy gurmak üçin has köp mümkinçilikleri berer ýaly, dört günläp dowam eder.


şu gün 08:13
314

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
521

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
956

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
586

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......