2025, 2026, 2027-nji ýyllarda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerleri belli boldy

  • 15.10.2024 16:10
  • 9.6k+

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) 2026-njy ýylda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň Bakuwda (Azerbaýjan) geçiriljekdigini mälim etdi. Geljek ýyl ýaryşy Wengriýa, 2027-nji ýylda bolsa Gazagystan kabul eder.

Şu ýyl dzýudo boýunça dünýä çempionaty Abu-Dabide (BAE) geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 109 ýurdundan 675 türgen gatnaşdy, şolardan 355-isi erkek, 320-si zenan türgen boldy.
Abu-Dabidäki dünýä çempionatynyň jemi boýunça toparlaryň medal sanawynda birinji orny dört altyn, bir kümüş we bäş bürünç medal bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orunda iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medal bilen Gruziýa ýerleşdi. Üçlügi iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanan Italiýa topary jemledi.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

03.06.2026 15:45
12k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

11.05.2026 22:47
9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......