Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 08.05.2025 15:11
  • 8.9k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy. Bu barada azerbaýjan Lideriniň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda aýdylýar.

"Siziň bilen bolan duşuşyklarymyzy, söhbetdeşliklerimizi hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ynanyşykly dialogymyzy dowam etdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak maksady bilen, Sizi sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrýaryn. Bu saparyňyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn" diýip, Ilham Aliýew hatynda belleýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti hatynda "iň ýakyn wagtda görüşmek umydy bilen, türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi".


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......