2024-nji ýylda Türkmenistandan 30 müňden gowrak syýahatçy Azerbaýjana baryp gördi

  • 11.01.2025 12:32
  • 5.9k+

2024-nji ýylda 33 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu maglumatlary report.az Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentligine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan geçen ýyl Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 13-nji ýerde durýar.
Hasabat döwründe Azerbaýjana iň köp Russiýanyň raýatlary syýahat etdi - 731 müňden gowrak syýahatçy. Bu babatda ikinji orny Türkiýe (426,2 müň syýahatçy), üçünji orny bolsa Hindistan (243,5 müň syýahatçy) eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Azerbaýjana baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 2 million 626,8 müňe deň bolupdyr. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 26 göterim ýokarydyr.


01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......