“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

  • 26.05.2026 12:36
  • 3.1k+

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçen bu çärede Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary özüniň täsirli çykyşlary bilen tapawutlandy.

Halkara festiwalynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Ýaponiýa, Ispaniýa, Italiýa, Meksika, Gazagystan, Özbegistan ýaly onlarça döwletiň medeni toparlary çykyş edip, öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny we sportuň milli görnüşlerini görkezdi. Şolaryň arasynda türkmen atly ýigitleriniň dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleri bilen ýerine ýetiren çylşyrymly we sazlaşykly tilsimleri tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Festiwalyň jemleýji gününde oňa gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglandy.

Halkara çäresiniň ýapylyş dabarasynda hem çykyş eden “Galkynyş” topary festiwalyň degişli sertifikatyna mynasyp boldy. Bu üstünlik toparyň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýäde wagyz etmäge goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Festiwal halklaryň özara ýakynlaşmagynda hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boldy.


düýn 22:10
1k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
1.4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
651

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......