Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş direktory Oliwer Blumeniň çykyşynyň mazmunyna salgylanyp habar berdi.
Baş direktoryň bu çykyşyny 18-nji iýunda geçiriljek paýdarlaryň ýyllyk ýygnagynda okamagyna garaşylýar.
Agentligiň maglumatynda aýdylyşy ýaly, garaşylýan bu ýagdaý 2030-njy ýyla çenli işgär sanyny 28 müň adama çenli azaltmak boýunça has giňişleýin meýilnamanyň bir bölegidir.
Çeşme Blumeniň paýdarlara önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak strategiýasynyň netijeleri barada habar berjekdigni-de ýaňzydýar. Bellenilişine görä, 2025-nji ýyla çenli Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçilik çykdajylary 20 göterimden gowrak azaltmagy başarypdyr.
Kompaniýa ozal hem dünýä awtomobil bazaryndaky üýtgeşmeler we pudakdaky güýçlenen bäsleşik sebäpli çykdajylary optimizirlemek boýunça çäreleriň görülýändigini mälim edipdi.