The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

  • 08.06.2026 18:11
  • 6.3k+

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Winston Çerçilliň, ýazyjy Jeýn Ostiniň, şeýle-de britan matematigi we logik Alan Týuringiň şekilleri ýabany tebigatyň jandarlary bilen çalşylar.

Bu çözgüt 44 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen jemgyýetçilik barlagyndan soň kabul edildi. Gatnaşyjylaryň 60 göterim töweregi tebigat şekilleriniň bolmagyny goldady, taryhy şahsyýetleriň keşbi bolsa sesleriň 38 göterimini aldylar.

Neşirde Angliýa bankynyň geňeşmeleriň netijeleri yglan edilmänkä, Savanta kompaniýasyndan barlag geçirmegi sargyt edendigi aýdylýar. Hasabatda Winston Çerçill, Jeýn Ostin we Alan Týuringiň «jedelli şahsyýetler hökmünde kabul edilip bilinjekdigi we ýurduň häzirki medeni dürlüligini doly şöhlelendirmeýändigi» bellenipdir. Şunlukda derňewçiler ünsi tebigata gönükdirmegi maslahat beripdirler.

Bank dizaýny üýtgetmek baradaky kararyň Savanta-nyň hasabatyna däl-de, jemgyýetçilik barlagynyň netijelerine esaslanyp kabul edilendigini nygtaýar. Kadalaşdyryjy edaranyň ýolbaşçysy Endrýu Beýli dizaýny täzelemegiň esasy maksatlarynyň biriniň banknotlary galp puldan goramagy güýçlendirmekdigini belledi.

Şol bir wagtda meýilnamalar birnäçe britan syýasatçylarynyň tankydyna-da sezewar boldy. Konserwatiw partiýanyň we «Beýik Britaniýanyň reformasy» partiýasynyň wekilleri kadalaşdyryjy edarany ýurduň taryhy mirasyny gaýtadan gözden geçirmäge milt etmekde aýypladylar.

Indi britanlar täze banknotlar üçin ýerli faunanyň 18 görnüşinden haýwanlary saýlamaly bolarlar. Kandidatlaryň arasynda: mele tilki, afalina (delfiniň bir görnüşi), tupik (demirgazyk deňiz guşy) we adaty gurbaga bar.

Britan banknotlarynda taryhy şahsyýetleri şekillendirmek däbi 50 ýyldan bäri dowam edip gelýär. Ilkinji gezek 1970-nji ýylda 20 funtluk kagyz pulda Wilýam Şekspir peýda boldy. Häzirki wagtda Çerçill 5 funtluk, Ostin 10 funtluk, nakgaş Wilýam Terner 20 funtluk, Týuring bolsa 50 funtluk banknotlary bezeýär.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......